Zarif:Amerika diplomatiýa meýdanynda ýeňilmekden gorkýandyr
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Amerika döwleti diplomatiýa meýdanynda ýeňilmekden gorkýandyr diýdi.
şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Eýranyň mejis wekilleriniň bir topary bilen geçiren duşuşygynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň Eýrana berýän basyşlaryny Eýranyň kuwwatlylygy üçin bilmek bilen Eýran Yslam Respublikasy halkara we sebitara derejelerinde üstünlikli amal edendir diýip ynam bildirdi.
bu duşuşykda Eýranyň mejlis wekilleri hem Amerikanyň Zarifa garşy ýola beren gadaganlygyny ýazgarmak bilen Zarifiň Eýranyň daşary syýasatynda çekýän zähmetlerinden gadyrdanlyk etdiler.
Eýran milletine garşy Ak-Tamyň uruş otagyna öwrülen Amerikanyň hazýnadarlyk ministrligi üstümizdäki ýylyň birinji Awgustynda Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarifi özüniň gadaganlylar listesine artdyrdy.
Eýranyň aňtaw ministri bilen orunbasarlary hem şu gün Zarif bilen geçiren duşuşyklarynda Amerikanyň Zarife garşy ýola beren işini ýazgarmak bilen Eýranyň daşary işler ministrniň alyp barýan işlerini goldaýanlygyny yglan etdiler.