Seddigi:Ýemenliler jenaýatçylary ýeňjekdirler
(last modified Fri, 16 Aug 2019 11:11:25 GMT )
Aug 16, 2019 16:11 Asia/Ashgabat
  • Seddigi:Ýemenliler jenaýatçylary ýeňjekdirler

Tehranyň juma namazynyň hatyby el-gatyjylaryň Saudy bileleşiginiň garşysynda Ýemeniň çydamynyň göreşlerini öwgä laýyk bilmek bilen Ýemeniň çydamy ahyr soňda jenaýatçylara üstem çykjakdyr diýip nygtady.

Tehranyň juma namazynyň hatyby Hojjatolyslam Kazem Seddigi Ýemeniň günortasynyň özgerişlerine we bu sebitde Saudylar bilen Arap Emirlikleriň ýörtewülleriniň arasynda çaknyşyklaryň ýüze çykmagyna yşarat edip Ýemeni bölmek baradaky hile hem netije bermez diýip nygtady.

Hojjatolyslam Kazem Seddigi şeýle-de Keşmiriň özgerişleri barada hem howatyrlanma bildirip bu sebitde çaknyşýan taraplary köşgünlige çagyrdy.

Tehranyň juma namazynyň hatyby Nigeriýanyň yslam galkynyş hereketiniň ýolbaşçysy Şyh Ybrahym Zakzakyň ýaramaz saglyk ýagdaýyna yşarat etmek bilen özlerini adam hukukynyň howandary tanatýan döwletleriň Şyh Ybrahym Zakzakynyň saglyk ýagdaýynyň bejeriliş işlerinde goýberilen kemçiliklere biparh çemeleşmeklerine tankyt bildirdi.

Hojjatolyslam Kazem Seddigi sözleriniň dowamynda Eýranyň goranyş senagatynda elgern ösüşlerine yşarat edip Eýranyň bu ösüşleri yslam ynkylabynyň miwelerindendir we Eýran özüniň bu ösüşlerini dowam eder diýip yglan etdi.

Tehranyň juma namazynyň hatyby şeýle-de Amerikanyň döwüre bap içallylyk uçarmansz uçarynyň Eýranyň howa giňişliginde urulyp ýere gaçyrylmagyny Eýranyň goranyş bölüminde el-geren ösüşleriniň bir mysaly bildi.