Zarif: Waşington bilen gepleşik geçirmäge Eýran meýilli däldir
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif Waşington bilen gepleşik geçirmäge Eýran meýilli däldir diýmek bilen her hili araçylyk etmek Amerikany ýadro ylalaşyga gaýdyp getirmek ugurda bolmalydyr diiýp nygtady.
şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif Helsinki şäherinde Finlandiýanyň daşary işler ministri Pekka Haawisto bilen geçiren habar konferensiýasynda Amerika döwleti Birleşen Milletler Guramanyň howpsuzlyk geňeşiniň 2231 rezolýusiýasy baradaky ygraryna amal etmelidir diýdi.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif şeýle-de Iňlisiň we amerikanyň buýrugy bilen Jabal Al-taregiň ýerli döwletiniň Eýranyň nebit daşaýan gämisini tutmagyny bikanun hasaplamak bilen bu gäminiň halas edilmegi babatly razylygyny beýan etdi.bu gämi syýasy maksatlar esasynda tutulandyr diýip Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif sözüne goşdy.
Finlandiýanyň daşary işler ministri Pekka Haawisto hem bu habar konferensiýada eden çykyşynda bu ýurdyň döwletiniň ýadro ylalaşygy berk goldaýanlygyny yglan etdi.