Şamhani:Eýran Amerikanyň basyşlaryna boýun egmez
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5786-Şamhani_eýran_amerikanyň_basyşlaryna_boýun_egmez
Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Amerikanyň NBC News tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýran Amerikanyň berýän basyşlaryna boýun bolmaz diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 20, 2019 11:22 Asia/Ashgabat
  • Şamhani:Eýran Amerikanyň basyşlaryna boýun egmez

Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Amerikanyň NBC News tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýran Amerikanyň berýän basyşlaryna boýun bolmaz diýdi.

Eýran Yslam Respublikasy düzgüni ilatyň berýän hemaýatlary üçin geçen 4 ýyllykda Amerikanyň basyşlarynyň garşysynda durup olary şowsuzlyga uçradyp başarandyr diýip Şamhani aýtdy.

şundy hem basyşlary aňyr başyna ýetirmek baradaky Trampyň yzarlaýan syýasatyna Eýran boýun egmez we Tehran hergiz ýadrolyk söhbetdeşlik stolyň başyna dolanmaz diýip Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani nygtady.

Şamhani sözüniň dowamynda Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklardan maksady Eýrany özüne boýun etmeklikdir emma Waşington şeýle bir syýasaty yzarlaýan zamanynda Eýran Amerika bilen gepleşik geçirmez diýip nygtady.

Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň sekretary sebitde aýratynda Yrak we Siriýada terrorizme garşy göreşmekde Eýranyň tagallalaryna yşarat edip Amerikanyň wagyzlarynyň tersine Eýran sebitiň durnuklylygynyň sebäpkäridir diýdi.

Eýran ýadro ýaragyň yzynda däldir sebäbi bu ýaraglar Yslam dininda haramdyr galy berse-de Sionist režimi ýaly bu ýaraga eýe bolanlar üçin howpsuzlygy üpjün edip başaran däldir diýip Şamhani  aýtdy.