Tahtrawançi: Parsa aýlagyna giren keseki harbylar durnuksyzlyga sebäpkärdirler
Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň mydamlyk wekili Majid Tahtrawançi Pars Aýlagyň howpsuzlygynyň goralmagyny, Pars ýalagyň ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň borjy bilip , daşary ýurtly harbylaryň bu strategik sulara girmekleri durnuksyzlyklara sebäp bolýar we kabul ederlikli däldir diýdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň mydamlyk wekili Majid Tahtrawançi BMG-niň howpsuzlyk geňeşiniň Aziýanyň günbatar sebitiniň ýaraş we howpsuzlyk bölümdäki kynçylyklaryny barlamak ugrunda geçiren maslahatynda beren gürrüňlerinde Pars Aýlagy sebitinde gämileriň howpsuz gatnawdan paýly bolmaklary ugrunda görme-göze bileleşikleriň guralmaklary üçin her hili tagalla edilmeginiň netijesi boljak däldir diýdi.
Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň mydamlyk wekili Majid Tahtrawançi. bu sebitiň uzaga çeken iň möhüm meselesini Palestina meselesi bilip bu dartgynlylyk çözülmese sebitde ýaraş we howpsuzlyk berkarar boljak däldir diýip sözlerine goşdy.