Mertebesi belent Ýolbaşçy: Kaşmiriň durmuşky ýagdaýy Iňlisiň işleriniň netijesidir
Eýran yslam respublikasynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri Kaşmir-iň musulmanlarynyň ýagdaýy barada gynanjyny beýan etmek bilen bu sebitiň durmuşky ýagdaýy we Hindistan bilen Pakistanyň Kaşmir baradaky dawasy Hind yklymyndan çykan mahalynda betniýetli Iňlisiň eden işleriniň netijesidir diýip nygtadylar.
şu gün Eýran yslam respublikasynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri Eýranyň prezidenti we döwlet toparynyň agzalary bilen geçiren duşuşygynda beren gürrüňlerinde Iňlisliler kaşmirdäki çaknyşyklary dowam etdirmek üçin bilkaslaýyn bu ýarany bu sebite salandyr diýip beýan etdiler.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri Kaşmir meselesine hem yşarat edip bu sebitiň musulmanlarynyň ýagdaýy barada gynanjyny beýan edip biz Hindistan döwleti bilen gowt gatnaşyklary saklaýarys emma Hindistan döwletiniň kaşmir ilatynyň garşysynda ynsaply syýasaty ileri sürmegine we bu sebitiň musulman ilatyna zor aýtmakdan saklanmagyna garaşýarys diýdiler.