prezident Ruhaniň huzurynda Bawar 373 adly raketa sistemasy ulanşa berildi
şu gün Awgust aýyň 22-si Eýranda goranyş senagatynyň güni mynasibetli Yslam Eýranyň prezidenti Hasan Ruhaniň gatnaşmagynda Eýranyň Bawar 373 adly raketalyk sistemasi ulanyşa berildi.
Eýranyň iň möhüm goranyş raketalyk sistemasy bolan Bawar 373 adly sistemasynyň bejerilmegi näçe ýyl mundan ozal başlanandyr.takmynan 300 km uzaklygy aşyp bilýän bu raketalar asmanyň 65 km-ligine hem ýetip bilýändirler.
preziden Ruhani bu sistemanyň ulanyşa berilmeginiň ýanynda beren gürrüňlerinde Bawar 373 sistemany Eýranyň Orsýetden alan s-300 gysymly raketalyk sistemasyndan güýçliräk bilmek bilen Eýranyň ýaragly güýçleri we goranyş ministrligi şu mahala çenli köp sowgatlary şol sanda döwüre bap harby gämileri we suw asty gämileri bejerip Eýran milletine sowgat edendirler diýip yglan etdi.
Eýranyň döwlet baştutany şeýle-de Amerikanyň ýadro ylalaşygynyň iş maslahatyndan çykmagyna yşarat edip Amerikanyň bu ylalaşykdan çykmagy halkara kanunlary we şertleri aýak aşaga salyp ykdysady terrorizmi ýola goýmagy manysyndadyr diýip beýan etdi.