Alawi: Amerika, Eýran milletiniň garşysynda ýeňiljekdir
Aug 25, 2019 14:19 Asia/Ashgabat
Eýranyň aňtaw ministri , Amerika, Eýran Yslam respublikasyna garşy gadaganlyklary bilen netijä ýetmäni Eýran milletiniň garşysynda ýeňiljekdir diýdi.
Seýed Mahmud Alawi öten agşam Eýranyň tele ýaýlymynda eden çykyşynda Amerikanyň Eýran milletine garşy gadaganlyklaryna yşarat edip Eýran gadaganlyklaryň güýçli döwrüni başdan geçirendir we Donald Trampyň baştutanlygyndaky duşman ejiz galandyr diýdi.
Alawi, Amerikanyň prezidentiniň Eýran hakda akylyny çaşyrandygyny aýdyp Tramp, Eýran milletiniň garşysynda erbet gürrüňlerini dile getirmegini gyrakda goýup Eýranyň milletibilen hormat esasynda gürrüň etmelidir diýdi.