Musawi: Eýranyň döwleti, Eýranly ýaşaýjylaryň bähbitlerini goraýar
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas musawi Eýran Yslam Respublikasynyň döwleti , Eýranly ýaşaýjylaryň bähbitlerini goramak üçin halkara hukuka ugurdaş bolýan her bir kanuny abzaldan haýyrlanýar diýdi.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas musawi Eýrana garşy F.D.D binýadynyň gadaganlyklara goşulmagynyň garşysynda Amerika döwletiniň gaýtawul bermeginden gürrüň gozgap, Amerikanyň daşary işler ministrliginiň gürrüň turuzmagy bir täze zat däldir, ilaty aldamak olaryň başarýan işidir diiýp nygtady.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas musawi Amerika döwletiniň ýada B toparyň F.D.D binýady ýaly taraplaryň özlerini zulum astynda görkezen bolmaklaryndan başga hiç bir zady etmeýändiklerine garaşyp bolmaýanlygyny aýdyp Eýranyň döwleti Eýranly ýaşaýjylaryň esasy bähbitlerini goramak üçin her bir abzaldan haýyrlanjakdyr diýdi.
Eýranyň döwleti , Eýrany howply görkezen bolýan taraplaryň garşysynda öz ýaşaýjylaryna hemaýat bermekde berk yradalydyr we bu adamlar ýada olar bilen hyzmatdaşlyk edýän adamlar olaryň Eýranlylara eden duşmançylyklarynyň unudulmanlygyny we gaýtawul beriljekdigini bilmelidirler diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas musawi sözüne goşdy.