Prezident Ruhaniň gatnaşmagynda Eýranda köp taslamalar ulanyşa berildi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5835-prezident_ruhaniň_gatnaşmagynda_eýranda_köp_taslamalar_ulanyşa_berildi
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruahi döwlet hepdesi mynasybetli gurnalan bir wideo konferensiýanyň gidişinde Eýranyň boýdan başynda şol sanda Sistan we Baluçestan,Fars,Günbatar Azerbaýjan,Kerman we Lorestan welaýatlarynda obalar bilen baglanşykda ýüzlerçe taslamany ulanyşa berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 26, 2019 14:00 Asia/Ashgabat
  • Prezident Ruhaniň gatnaşmagynda Eýranda köp taslamalar ulanyşa berildi

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruahi döwlet hepdesi mynasybetli gurnalan bir wideo konferensiýanyň gidişinde Eýranyň boýdan başynda şol sanda Sistan we Baluçestan,Fars,Günbatar Azerbaýjan,Kerman we Lorestan welaýatlarynda obalar bilen baglanşykda ýüzlerçe taslamany ulanyşa berdi.

bu wideo konferensiýada prezident Ruhani Sistan we Baluçestan welaýatynda 823 taslamanyň,Kermanda 659 taslamanyň,Lorestanda 549 taslamanyň,Günbatar Azerbaýjanda 459 taslamanyň we Fars welaýatynda hem 540 taslamanyň ulanyşa berilmegine buýruk berdi.

prezident Ruhani bu taslamalaryň ulanyşa berilmeginiň ýanynda beren gürrüňlerinde Eýranyň günorta gündogarynda ýerleşen Çabahar portunyň ösdürilmegi we bu portdan haýyrlanmakda Eýran,Owganystan we Hindistan ýurtlarynyň arkalaşmaklary gaty möhüm meseledir diýip beýan etdi.

Eýranyň ozalky prezidenti Muhammetali Rajaei bilen ozalky premýer ministri Muhammet Jawad Bahonaryň şehit edilmekleriniň ýyl dönümi mynasybetli her ýylyň Şahriwar aýynyň deslapky hepdesi(24-30 Awgust) Eýranda döwlet hepdesi höküminde gadyrlanýandyr.