serleşger Bageri:Amerikalylar Eýran milletiniň garşysynda dyza çökendirler
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy serleşger Muhammet Bageri şu gün Tehranda beren gürrüňlerinde Eýranyň dürli ugurlarda elgeren ösüşlerine yşarat edip Eýran milletiniň kuwwatlylygy we çydamy Amerikalylary dyza çökerendir diýdi.
bu günki gün Eýran milleti goranmak we howpsuzlyk bölümlerinde baş ýokarylyk bilen özüniň ýoluny yzarlap durandyr we täze bir uruşyň ýüze çykmagyna rugsat berýän däldir diýip serleşger Bageri beýan etdi.
Eýran duşmanlarynyň döredip duran kynçylyklaryna garamazdan sebitde Al-Nosra we DAEŞ ýaly terrorçy toparlary ýeňmegi başarandyr diýip serleşger Bageri sözlerine goşdy.
serleşger Bageri şeýle-de Sionist režimi bilen Liwanyň Hibolla hereketiniň 33 günlük uruşyna yşarat edip bu söweşde Hibolla hereketiniň ýeňiş gazanmagy olaryň Eýranyň mukaddes goranyşynyň tejribelerinden bähbitlenendigini görkezýändir diýdi.
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy Saudy bileleşiginiň Ýemen milletine garşy ýola berýän hüjümlerine yşarat edip Arabystanyň Ýemene garşy hüjüminiň deslapky günlerinde özlerini goramaga ýaragsyz bolan Ýemen ilaty Yslam Ynkylabyna eýermek bilen durmuşda raketa we howa hüjümlere garşy göreşýän ýaraglary bejerýändir.