Ruhani:Eýran milleti ykdysady uruşda çydam we agzybirlik bilen üstünlik gazanjakdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Eýran milleti Amerikanyň ýola berýän ykdysady uruşynda agzybirlik bilen çydam görkezip üstünlik gazanjakdyrlar diýip yglan etdi.
şu gün prezident Hasan Ruhani Tehranda şehit Rajaeiniň hatyryna gurnalan 15-nji baýramçylykda beren gürrüňlerinde duşmanlaryň Eýran milletine zarba urmak ugurda edýän tagallalaryna yşarat edip duşmanlaryň ýola beren ykdysady uruşy Eýran milletiniň üstünligi bilen soňlar diýip ynam bildirdi.
Eýran milletiniň döwletiň arkasynda durmaklary Eýran Yslam Respublikasynyň halkara guramalarda üstünlik gazanmagyna sebäp bolandyr diýip prezident Ruhani sözlerine goşdy.
Amerikanyň prezidenti Tramp Eýrana çendenaşa basyş bermek bilen özüniň maksatlaryna ýetjek bolýandyr emma Eýran milletiniň çydamy bilen ýüzbe ýüz bolup durandyr.