Zarif:Eýran beýleki taraplaryň derejesinde ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna jogapkär galar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5876-zarif_eýran_beýleki_taraplaryň_derejesinde_ýadro_ylalaşygyň_iş_maslahatyna_jogapkär_galar
Eýranyň daşary işler ministri Ýewropaly taraplardan ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna doly suratda jogapkär bolmaklaryny talap edip Eýran Yslam Respublikasy beýleki taraplaryň derejesinde ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna jogapkär galar diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 30, 2019 12:41 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Eýran beýleki taraplaryň derejesinde ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna jogapkär galar

Eýranyň daşary işler ministri Ýewropaly taraplardan ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna doly suratda jogapkär bolmaklaryny talap edip Eýran Yslam Respublikasy beýleki taraplaryň derejesinde ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna jogapkär galar diýip yglan etdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Malaýziýanyň Bernama habar ulgamy bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýranyň Amerika bilen oturyşyp gürrüň etmegini Waşingtonyň ýadro ylalaşygyndaky öz jogapkärçiliklerine hormat goýmagyna bagly bildi.

Zarif şeýle-de Kuala lumpurda habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Amerika döwleti Eýran bilen gepleşik geçirmegiň yzynda bolsa deslap 2015 ýylda ele gelen ýadro ylalaşygyna dolanyp özüniň şol ylalaşykdaky borçlaryny ýerine ýetirsin diýip yglan etdi.