Eýran bilen Orsýetiň daşary işler ministrleri duşenbe güni Moskwada duşuşýarlar
Aug 31, 2019 16:33 Asia/Ashgabat
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Eýran bilen Orsýetiň daşary işler ministrleri duşenbe güni Moskwada duşuşýarlar diýip yglan etdi.
Seýed Abbas Musawi şu gün twitter sahypasynda Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif geljek duşenbe güni Moskwada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşyp gyzyklanma bildirýän meseleleri şol sanda ýadro ylalaşygy barada gürrüň etjekdirler diýip habar berdi.