Eýran Ýemende ýesirleriň saklanylýan mekanyna hüjüm edilmegini ýazgardy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5894-eýran_Ýemende_ýesirleriň_saklanylýan_mekanyna_hüjüm_edilmegini_ýazgardy
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Arabystanyň harby uçarlarynyň öten agşam Ýemeniň Zamar welaýatynda ýesirleriň saklanylýan mekanyna eden hüjümlerini ýazgardy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 01, 2019 12:56 Asia/Ashgabat
  • Eýran Ýemende ýesirleriň saklanylýan mekanyna hüjüm edilmegini ýazgardy

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Arabystanyň harby uçarlarynyň öten agşam Ýemeniň Zamar welaýatynda ýesirleriň saklanylýan mekanyna eden hüjümlerini ýazgardy.

Ýemenli resmileriniň yglan etmeklerine görä,bu hüjümde ýesirleriň azyndan 50-si ölüp ýüzden eýragi hem ýaraly boldylar.

Ýemeniň Zamar welaýatynda Gyzyl Haç guramanyň ykrar eden mekanynda saklanylýan ýesirlere Arabystanyň baştutanlygyndaky bileleşigiň ýola beren bu hüjümi bir uruş jenaýatydyr diýip Musawi aýtdy.

Seýed Abbas Musawi Saud Arabystanyň Ýemende baş goşan täze jenaýatyndan gynanç bildirmek bilen bu jenaýatlar Amerikanyň we başga käbir Günbatar ýurtlaryň Arabystana berýän ýaraglary bilen amala aşýandyr diýdi.

şol bir wagtda Ýemeniň saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili Ýusup Al-Hazeri bu howa hüjümde janlaryny elden beren adamlaryň sanynyň artmagyny mümkin bilip heläkçilige uçran adamlary awarlaryň astynda çykarmak işi dowam edýär diýip yglan etdi.