Ruhani:Ýewropa öz borçlarynda tapylmasa Eýran üçünji ädimi ätjekdir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5896-ruhani_Ýewropa_öz_borçlarynda_tapylmasa_eýran_üçünji_ädimi_ätjekdir
Eýranyň döwlet baştutany öten agşam prezident Emanuel Makeron bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde Ýewropa ýadro ylalaşygyň iş maslahatynda özüniň paýyna düşýän borçlary ýerine ýetirmese Eýran bu ylalaşykdaky jogapkärçiliklerini azaltmakda 3-nji ädimini ätjekdir diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 01, 2019 13:49 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Ýewropa öz borçlarynda tapylmasa Eýran üçünji ädimi ätjekdir

Eýranyň döwlet baştutany öten agşam prezident Emanuel Makeron bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde Ýewropa ýadro ylalaşygyň iş maslahatynda özüniň paýyna düşýän borçlary ýerine ýetirmese Eýran bu ylalaşykdaky jogapkärçiliklerini azaltmakda 3-nji ädimini ätjekdir diýip yglan etdi.

prezident Hasan Ruhani bu söhbetdeşlikde ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny goramakda Parižiň tagallalryny öwgä laýyk bilmek bilen Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarifiň Fransiýa eden sapary dünýäniň we sebitiň syýasy we umumy pikiri üçin üns bererli bolandyr diýip ynam bildirdi.

Eýranyň prezidenti şeýle-de Tehranyň ýadro ylalaşygynyň iş maslahatyny goramak ugurda tagalla edýändigini aýdyp Eýran söhbetdeşliklerde ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň goralmagyny,deňizlerde şol sanda Pars Aýlagynda we Hormoz bogazynda gämileriň arkaýynlykda gatnap bilmeklerini nygtaýandyr diýip beýan etdi.

prezident Hasan Ruhani şeýle-de bu söhbetdeşlikde Amerikanyň bir taraplaýyn ýadro ylalaşykdan çykmagynyň maksadyny Eýran bilen beýleki ýurtlaryň arabaglanşyklarynda kynçylyk döretmeklik bilip gynanç bilen Amerikanyň bu işiniň ýüze çykmagy bilen Ýewropa döwletleri hem öz jogapkärçiliklerinde tapylmak ugurda peýdaly işi eden däldirler diýip yglan etdi.

bu telefon arkaly söhbetdeşlikde Fransiýanyň prezidenti Makeron hem Eýranyň daşary işler ministri Zarifiň Fransiýa gurnan saparyny önjeýli bilmek bilen Zarifiň bu sapary Eýranyň söhbetdeşlik bilen özüniň bähbitlerini goramakçydygyny subut etdi diýip beýan etdi.

ol şeýle-de ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň şowsuzlyga uçramagy halkara derejesindäki gaty gidiji taraplary begendirer diýip ynam bildirdi.