Rabiei: ýadro ylalaşygynda Eýranyň strategiýasy taraplara görä bolmakdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5900-rabiei_ýadro_ylalaşygynda_eýranyň_strategiýasy_taraplara_görä_bolmakdyr
Eýran döwletiniň metbugat wekili ýadro ylalaşygynda Eýranyň strategiýasynyň taraplara görä bolmak esasyndadygyny aýdyp egerde Ýewropa ýadro ylalaşykdaky borçlarynda tapylsa Eýran hem bu ylalaşygy doly ýerine ýetirmek işlerine dolanjakdyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 02, 2019 16:53 Asia/Ashgabat
  • Rabiei: ýadro ylalaşygynda Eýranyň strategiýasy taraplara görä bolmakdyr

Eýran döwletiniň metbugat wekili ýadro ylalaşygynda Eýranyň strategiýasynyň taraplara görä bolmak esasyndadygyny aýdyp egerde Ýewropa ýadro ylalaşykdaky borçlarynda tapylsa Eýran hem bu ylalaşygy doly ýerine ýetirmek işlerine dolanjakdyr diýdi.

Eýran döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei şu gün habar konferensiýasynda beren gürrüňlerinde Ýewropanyň ýadro ylalaşykdaky borçlarynda tapylmagy üçin tehniki meseleleriň barlanylýandygyny aýdyp Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy orunbasary Seýed Abbas Aragçiniň, Eýranyň nebit ministrliginiň we merkezi bankynyň wekilleri bilen hemra Pariža eden sapary Ýewropaly tarapyň nähili öz borçlarynda tapylmagy üçindir diýdi.

Eýranyň nebiti satyn alynyp onuň pulynyň Eýrana gowşurylmagy üçin çäre görülmelidir diýip Eýran döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiri sözlerine goşdy.