Zarif:Amerika kanun bozujy ýurtdyr
Eýranyň daşary işler ministri Orsýetiň RT tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Ýewropalylara garap olar bilip goýsun Amerikanyň kanuny bozmak baradaky işdäsi ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny bozmak bilen gutarmaz diýdi.
Rus resmileri bilen duşuşmak niýeti bilen Moskwa sapar eden Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bu söhbetdeşliginde şeýle-de ýewropaly taraplaryň ýadro ylalaşygyň iş maslahatynda ykrarly bolmaklaryny isläp Ýewropalylar bilip goýsunlar Amerika her ýerde we her zamanda halkara ylalaşyklary bozmaklygy özüniň bähbidine bilse ony bozmaga işdäsi açykdyr diýdi.
Zarif şeýle-de Amerika tarapyndan halkara ylalaşyklaryň şol sanda orta menzilleri aşyp bilýän ýadro raketa baradaky ylalaşygyň hem-de yklymyň üýtgemegi baradaky şertnamanyň bozulmagyna yşarat edip Amerikanyň bu işi iň soňda onuň öz bähbidine hem bolmaz diýip beýan etdi.
eger bir ýurt endik ýüzünden kanuny aýak aşaga salyp başlasa halkara köpçüligi bulagaýçylyga we tertipsizlige uçrajakdyr diýip Zarif sözlerine goşdy.