Zarif, Bangladeşiň premýer we daşary işler ministrleri bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5908-zarif_bangladeşiň_premýer_we_daşary_işler_ministrleri_bilen_duşuşdy
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün Bangaldeşiň paýtagty Daka şäherinde bu ýurdyň premýer ministri hemde daşary işler ministri bilen duşuşyp gürrüň etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 04, 2019 14:27 Asia/Ashgabat
  • Zarif, Bangladeşiň premýer we daşary işler ministrleri bilen duşuşdy

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün Bangaldeşiň paýtagty Daka şäherinde bu ýurdyň premýer ministri hemde daşary işler ministri bilen duşuşyp gürrüň etdi.

bir topara ýolbaşçylyk edip Bangladeşe sapar eden Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bu ýurdyň resmileri bilen duşuşyp gürrüň etmekden aýry Dakada geçirilýän Hind akýanyň ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň maslahatyna gatnaşjakdyr.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif , Bangaldeşiň paýtagty Daka şäherinde bu ýurdyň premýer ministri Sheikh Hasina Wazed bilen geçiren duşuşygynda iki ýurdyň ykdysady,medeni şeýle-de yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň hemde halkara guramalardaky hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi barada pikir alyşdy.

iki tarap şeýle-de Mýanmaryň Ruhingiýaly awara musulmanlarynyň ýagdaýy barada hem gürrüň etdiler.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Daka saparynyň dowamynda Bngaledşiň daşary işler ministri Abulgasem Abdulmomin bilen hem duşuşyp gürrüň etdi.