Eýran bilen Gazagystan iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5915-eýran_bilen_gazagystan_iki_taraplaýyn_gatnaşyklaryň_ösdürilmegini_nygtadylar
Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça kömekçisi Hoseýin Amir Abdollahiýan Tehranda Gazagystanyň ilçisi Askaat Orazbay bilen geçiren duşuşygynda taraplar iki ýurduň parlamentleriniň ara baglanşyklaryndan razylyk bildirmek bilen iki taraplaýyn aragatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 05, 2019 14:52 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Gazagystan iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar

Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça kömekçisi Hoseýin Amir Abdollahiýan Tehranda Gazagystanyň ilçisi Askaat Orazbay bilen geçiren duşuşygynda taraplar iki ýurduň parlamentleriniň ara baglanşyklaryndan razylyk bildirmek bilen iki taraplaýyn aragatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar.

bu duşuşykda Amir Abdollahiýan Eýran bilen Gazagystanyň arasyndaky gowy ara baglanşyklara yşarat edip bu ara baglanşyklary mundan beter ösdürmek ugurda iki ýurduň arasynda bar bolan potansiallaryň işe alynmagyny nygtady.

Gazagystanyň Tehrandaky ilçisi Orazbay hem öz ýurdunyň  Eýran bilen saklaýan ara baglanşyklaryny şol sanda söwda ara baglanşyklaryny ösdürmekçidigini habar berdi.

Orazbay şeýle-de iki taraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde Eýranly we Gazagystanly täjirleriň gatnaşyklarynda ýeňillikleriň döredilmeginiň zerurlygyny nygtady.