Zarifiň, 3-nji ädimiň amala aşyrylmagy barada Mugerinä ýazan haty
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif öten agşam Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat jogapkäri Federika Mugerinä hat ýazyp Eýranyň, ýadro ylalaşykdaky borçlaryny azaltmak ugurda 3-nji ädimiň ädýänligini yglan etdi.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi ýaňky hatyň jikme-jigine yşaratedip Zarip şol hatynda Eýranyň barlag we ösüş bölümde ýadro ylalaşykdaky bütin borçlaryny togtadanlygyny yglan etmeginden aýry Tehran bu işiniň tehniki jikme-jigini halkara atom energiýasy agentligine yglan etjekdir diýdi.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif , Eýranyň bu işiniň yglan edilmeginden soňra Ýewropalylaryň boluşlaryna gaýtawul bermeginde ýadro ylalaşygyň Ýewropaly taraplary Eýrana ýagşylyk etjek däldirler , olar öz borçlarynda tapylsynlar diýip nygtap geçdi.