Şamhani:Amerikayň syýasaty Eýranyň çydam strategiýasynyň garşysynda şowsuzlyga uçrandyr
Sep 07, 2019 15:01 Asia/Ashgabat
Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Eýranyň ykdysadyýetini dyza çökertmek ugurda Amerikanyň Eýrana aňruç basyşlary bermek syýasaty Eýranyň çydam strategiýasynyň garşysynda dyza çökedir diýip nygtady.
Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani şu gün mejlisiň gadaganlyklara garşy fraksiýasynyň wekilleriniň duşuşygynda beren gürrüňlerinde Eýran ilaty Amerikanyň güýçli basyşlarynyň garşysynda hüşgärlik bilen durup duşmanlary öz maksatlaryna ýetmekden namut edendirler diýip yglan etdi.
Şamhani şeýle-de duşman geçen tejribelere üns bermek bilen Eýran Yslam Respublikasynyň wehimler bilen garşylaşmakda ýokary başarnyga ýetendigini bilýändir diýdi.