Eýran Yslam Respublikasynyda ymam Hoseýin(a.s)hezretleriniň ýas myrasymlary geçirilip başlandy
şu gün Tasua gününde Eýran Yslam Respublikasynyň boýdan başynda ymam Hoseýin(a.s) hezretleriniň we onuň wepaly ýaranlarynyň ýat we hatyralaryny gadyrlamak üçin ýas myrasymlary geçirilip başlandy.
şu gün duşenbe 1441-nji h.g ýylynyň aşyr aýynyň 9-i bilen deň gelýän 2019-nji ýylynyň 9-nji Sentýabry Tasua günidir.
Tasua gününde Eýranyň boýdan başynda ymam Hoseýin(a.s) hezretlerini söýýänleriň millionlarçasy Karbala çölünde şehitlik derejesine ýeten ymam Hoseýin(a.s) hezretleriniň we onuň wepaly ýaranlarynyň aýratynda Abolfazyl Al-Abbasyň ýat we hatyralaryny gadyrlamak üçin ýas geýimi geýinip matam etdiler.
Eýran Yslam Respublikasynyň mömen we musulman ilaty şu gün Eýranyň boýdan başyndaky mesjitlerde we hosýniýelerde şeýle-de Maşhatda ymam Reza(a.s) hezetleriniň hem-de Gomda hezret Masuma(s.a)yň härämlerinde huzurly bolmak bilen ýas tutdylar.
şu gün Eýran bilen zamandaş dünýäniň aglaba ýurtlarynda aýratynda musulman ýurtlarynda ýas myrasymlary geçirildi.
ymam Hoseýin(a,s)hezretleri we onuň wepaly ýaranlary 61-nji h.g ýylynda Karbala çölünde şehitlik derejesine ýetdiler.