Garipabadi:Halkara Atom Agentligi Amerika degişli gurama däldir
Wenada ýerleşen halkara guramalardaky Eýranyň müdimi wekili we ilçisi Kazym Garipabadi Halkar Atom Agentligi Amerika degişli gurama däldir oňa görä Amerikanyň milli howpsuzlyk geňeşçisi bu guramanyň işleriniň gün tertibini belli edip bilmez diýip yglan etdi.
Kazym Garipabadi düýn özüniň twitter sahypasynda ýazan matlabynda Eýranyň ýadro işleri barada John Boltonyň öňe süren toslamalaryna gaýtawul görkezip Halkara Atom Agentliginiň baş tutanynyň Eýran saparynyň gün tertibi Boltonyň isleglerine laýyklykda bolan däldir we Kornel Ferutayň Tehran saparynda ýadro ylalaşygyň iş maslahaty,Eýranyň ýadro işleriniň dogrylygyny synamak we goşmaça protokol hakynda gürrüň bolandyr diýip ýazdy.
Garipabadi şeýle-de Eýranyň ýaşryn ýadrolyk işleriniň bolmagy barada aýdylýan gürrüňleri ret edip bu gürrüňleriň maksady halkara atom agentliginiň Eýran bilen saklaýan peýdaly arkalaşyklarynda iş bozarlyk etmeklik we bu halkara gurama basyş bermeklikdir diýip beýan etdi.
Amerikanyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton şenbe güni beren gürrüňlerinde halkara atom agentligi täzelikde Eýranyň ýaşryn atom işleriniňbolmagy barada kä maglumatlary häkimler geňeşiniň erkinde goýan ýagdaýynda Kornel Feruta Eýrana sapar edendir diýip toslady.