Zarif:basyp alyjylar şowsuzlyklaryny ykrar edip Owganystandan çyksynlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5932-zarif_basyp_alyjylar_şowsuzlyklaryny_ykrar_edip_owganystandan_çyksynlar
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif öten agşam aýdan gürrüňlerinde kesekileriň Owganystanyň häzirki ýagdaýndan öz nepleri ugurynda peýdalanmaklary barada duýduryş berip gowsy şowsuzlyga uçran basyp alyjylar herne basym bu ýurtdan çyksynlar diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 09, 2019 13:39 Asia/Ashgabat
  • Zarif:basyp alyjylar şowsuzlyklaryny ykrar edip Owganystandan çyksynlar

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif öten agşam aýdan gürrüňlerinde kesekileriň Owganystanyň häzirki ýagdaýndan öz nepleri ugurynda peýdalanmaklary barada duýduryş berip gowsy şowsuzlyga uçran basyp alyjylar herne basym bu ýurtdan çyksynlar diýip nygtady.

Zarif şeýle-de Owganystanda dowam edip duran häzirki ýaramaz ýagdaý barada howatyrlanma bildirip Eýranyň garaýyşyndan basyp alyjylar özleriniň Owganystanda şowsuzlyga uçrandyklaryny ykrar edip herne basym bu ýurtda çykyp gitmelidirler diýip beýan etdi.

Eýranyň daşary işler ministri şeýle-de Owganystanyň içinde çaknyşýan taraplaryň hemmesini köşgünlige çagyrdy.

Zarif sözüniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystanyň häkimiýetine hormat goýýandygyna we bu ýurduň ýaraşyk gidişiniň Owganystan ilatynyň goşulmagy bilen geçirilmelidigine ynamynyň bardygyna yşarat edip Eýran sebitiň beýleki ýurtlary bilen birlikde ähli Owganlar bilen arkalaşyp bu ýurtda ýaraşygy berkarar etmek işine kömek etmek üçin taýýardyr diýdi.

soňky aýlarda Owganystanyň dürli sebitlerinde terrorçylykly hüjümler we partlamalar gaty artandyr.Kabul resmileriniň aýtmaklaryna görä,Amerikanyň baştutanlygynda daşary ýurtly harbylaryň Owganystanda bolmaklary diňe bu ýurtda terrorizmiň we neşe maddalaryň önüminiň artmagyna sebäp bolandyr.