Eýran, Netanýahunyň Iordaniýa akarynyň günbatar kenary barada aýdan gürrüňlerini ýazgardy
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi öten agşam beren gürrüňlerinde sionist režimiň premýer ministri Benýamin Netanýahunyň Iordaniýa Akarynyň günbatar kenarynyň käbir bölekleriniň basybalynan ülkerelere goşulmagy baradaky bet niýetini yglan etmegini ýazgardy.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi arap dünýäsiniň ýolbaşçylygyny toslaýan käbir arap ýurtlaryň gyrykdaky meseleler bilen gyzyklanmaklaryny we Kudusy basybalan režimiň hemaýatçylarynyň goldaw bermekleri bilen Ýemende uruş turuzylyp dogan- doganyň öldürilmeklerine meşgul bolmaklygy Benýamin netanýahunyň çagalary öldürýän bu režimiň pis niýetlerini äşgär etmegine bir pursat bilip netanýahu bir gün Eýrany aýyplamagy we ýene bir gün hem Palestinanyň ýene bir käbir böleklerini basybalynan ülkereler goşmak baradaky erbet niýetlerini yglan emegi bilen gudratda galmagy üçin ses ýygnamagyň we elgatyjylykly işlerini dowam etmeginiň yzynda bolýandyr diýdi.