Eýranyň içeri işler ministri Gyrgyzystana sapar etdi
Sep 12, 2019 14:33 Asia/Ashgabat
Eýranyň içeri işler ministri Gyrgyzystanyň resmileri bilen duşuşyp gürrüň etmegi üçin bu ýurda sapar etdi.
Abdulreza Rahmani Fazli Bişkeke gurnan iki günlik saparynyň gidişinde Gyrgyzystanyň içeri işler ministri Junuş Alyýew bilen duşuşyp, iki ýurdyň howpsuzlyk we tertip-düzgüni goramak ugurdaky hyzmatdaşlyklarynyň ylalaşyknamasy barada gürrüň etjekdir.
Gyrgyzystanyň ýokary derejeli beýleki resmileri bilen duşuşmak we Gyrgyzystanda ýaşaýan Eýranlylar bilen didarlaşmakEýranyň içeri işler ministri Rahmani Fazliniň Bişkek saparynyň beýleki maksatlaryndandyr.