Eýran bilen Gyrgyzystanyň howpsuzlyk hyzmatdaşlyklary barada bir ylalaşyga gol çekildi
Eýran bilen Gyrgyzystanyň içeri işler ministrleri tertip-düzgüni goramak we howpsuzlyk hyzmatdaşlyklary baradaky ylalaşyga gol çekdiler.
Eýranyň daşary işler ministri Abdulreza Rahmani Fazli bilen onuň gyrgyz kärdeşi Junuş Alyýew Bişkekde ýaňky ylalaşyga gol çekenlerinden soňra eden çykyşlarynda howpsuzlygy üpjün etmek,sebitiň durnuklylygyny goramak, neşe gaçakçylygyna we ekstremizme garşy göreşmek ugurdaky iki ýurdyň taýýarlygyny yglan etdiler.
Abdulreza Rahmani Fazli Bişkeke gurnan iki günlik saparynyň gidişinde Gyrgyzystanyň premýer ministri Muhammetgaly Abdulkazyýew bilen hem duşuşyp gürrüň etjekdir.
Gyrgyzystanyň ýokary derejeli beýleki resmileri bilen duşuşmak we Gyrgyzystanda ýaşaýan Eýranlylar bilen didarlaşmakEýranyň içeri işler ministri Rahmani Fazliniň Bişkek saparynyň beýleki maksatlaryndandyr.