Rahmani Fazli:Eýran neşe madda garşy göreşiň öň hatarynda durandyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5964-rahmani_fazli_eýran_neşe_madda_garşy_göreşiň_öň_hatarynda_durandyr
Eýranyň içeri işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň neşe maddalara garşy göreşiň baş hatarynda duranlygyny aýtmak bilen Eýran neşe maddalara garşy göreşde giň gerimli işleri amala aşyrandyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 13, 2019 11:43 Asia/Ashgabat
  • Rahmani Fazli:Eýran neşe madda garşy göreşiň öň hatarynda durandyr

Eýranyň içeri işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň neşe maddalara garşy göreşiň baş hatarynda duranlygyny aýtmak bilen Eýran neşe maddalara garşy göreşde giň gerimli işleri amala aşyrandyr diýdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň içeri işler ministri Abdulreza Rahmani Fazli şu gün Bişkekde Gyrgyzystanyň neşe maddalara garşy göreşýän gullugynyň başlygy Zapoleski Olegiň duşuşygynda Eýranyň halkara kömekleri almazdan neşe madda garşy göreşlerini dowam edýänligine yşarat edip Eýran neşe maddalara garşy göreşmekde özüniň gazanan bütin tejribelerini Gyrgyzystanyň erkinde goýmaga taýýardyr diýip beýan etdi.

Rahmani Fazli şeýle-de Owganystanda gök naryň ekilişiniň we önüminiň artmagyna yşarat edip Owganystanda Amerikaly harbylar kuwwatlylyk bilen huzurly bolsalarda emma neşe madda garşy göreşmek ugurda hiç bir işi eden däldirler diýip nygtady.

Gyrgyzystanyň neşe maddalara garşy göreşýän gullugynyň başlygy Zapoleski Oleg hem bu duşuşykda neşe maddalara garşy göreşmek ugurda Eýranyň Gyrgyzystana kömek etmegini isledi.