Musawi:Amerika özüniň Eýrana garşy syýasatlaryny yzarlamakda indi ýalana ýüzlenendir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5977-musawi_amerika_özüniň_eýrana_garşy_syýasatlaryny_yzarlamakda_indi_ýalana_ýüzlenendir
Amerikanyň uruş isleýji senatory Lindsey Graham Ýemenlileriň Arabystanyň nebit gurluşyklaryna eden hüjümlerini bahanalap Amerikanyň ar almak üçin Eýranyň nebit gurulyşyklaryna hüjüm etmegini nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 15, 2019 13:25 Asia/Ashgabat
  • Musawi:Amerika özüniň Eýrana garşy syýasatlaryny yzarlamakda indi ýalana ýüzlenendir

Amerikanyň uruş isleýji senatory Lindsey Graham Ýemenlileriň Arabystanyň nebit gurluşyklaryna eden hüjümlerini bahanalap Amerikanyň ar almak üçin Eýranyň nebit gurulyşyklaryna hüjüm etmegini nygtady.

Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeo hem bu hüjüm bilen baglylykda Tehrany aýyplap uçarmansyz uçarlar bilen Arabystanyň nebit gurluşyklaryna edilen hüjümiň arkasynda Eýran ýatandyr diýip toslady.

şol bir wagtda Ýemenli orundarlar bu ýurduň harby başarnygynyň ýokary galyp bu hilli hüjümleri özleriniň ýola berip bilýändiklerini nygtadylar.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi hem Amerikaly resmileriň bu hüjüm barada Eýranyň tersine aýdan toslamalaryny ret edip indi Amerikalylar özleriniň Eýrana garşy aňry uç basyşlaryny aňry ujy ýalana üýtgedip durandyrlar diýip beýan etdi.