prezident Ruhani:Amerika Siriýanyň milli häkimiýetini bozýandyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti düýn Ankarada Siriýa barada Eýran,Orsýet we Türkiýäniň başlyklarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen 5-nji döwür üçtaraplaýyn maslahatda beren gürrüňlerinde Siriýanyň milli häkimiýetine we garaşsyzlygyna hormat goýulmagynyň hemde bu ýurduň içeri işlerine goşulmazlygyň zerurlygyny nygtamak bilen Siriýada Amerikaly harbylaryň bikanun suratda huzurly bolmaklary Siriýanyň toprak bitewiligini we milli häkimiýetini howpa salýandyr diýdi.
prezident Hasan Ruhani bu maslahatda diňe Siriýa ilatynyň öz ykballary barada tutum tutup bilýändigine yşarat edip kesekilere olaryň işlerine goşulmaklaryna rugsat berilmeli däldir diýip beýan etdi.
Eýranyň prezidenti şeýle-de Astana gepleşiklerine yşarat edip Astana gepleşikleri Siriýanyň dartgynlylygyna degişli beýleki gepleşiklere görä Siriýaly taraplaryň arasynda agzalalyk döretmegiň yzynda däldir diýdi.
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sözüniň dowamynda Siriýada terrorçylaryň huzurly bolmaklaryna salgylanyp terrorizme garşy göreş aýratynda DAEŞ we Al-Kada we başga terrorçy toparlara garşy söweş olaryň ýok olýan mahalyna çenli dowam etmelidir belläp geçdi.
Eýranyň prezidenti Ankarada geçirilen üçtaraplaýyn maslahatyň ýanynda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ardugan we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen iki çäk duşuşyp dürli meseleler barada şol sanda özara gatnaşyklary ösdürmek,terrorizme garşy göreşmek we Siriýanyň toprak bitewiliginiň goralmagy barada pikir alyşyp berişdi.
Siriýanyň dartgynlylygy barada üçtaraplaýyn maslahata gatnaşmak üçin Türkiýe ýurduna sapar eden Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün Eýrana dolanyp geldi.