Aragçi:Eýran basyş astynda Amerika bilen gepleşik geçirmez
Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy işler boýunça orunbasary Birleşen Milletler Guramanyň umumy ýygnagyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka sapar etjek Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani bu maslahatyň ýanynda Amerikanyň prezidenti Donald Tramp bilen duşuşmajakdygyny nygtap Amerika döwleti Eýrana garşy basyş bermek uruşyny togtatmasa Tehran Waşington bilen gepleşige girişmez diýdi.
Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi düýn Britaniýanyň Independent gazetasy bilen geçiren söhbetdeşliginde Amerikanyň aňyruç basyş bermek syýasaty Eýranyň çydamlylygyna sebäp bolandyr diýmek bilen diňe Eýran dälde eýsem hiç bir ýurt basyş astynda gepleşige girişmez diýdi.
eger Donald Tramp ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna dolansa Eýran 5+1 toparyň galybynda Amerika bilen gepleşik geçirer diýip Aragçi aýtdy.
Amerika döwleti ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykany soň Eýrana basyş bermek niýeti bilen aňyruç basyş bermek syýasaty ýola berip başlady.
Trampyň bu işi Amerikanyň içerisinde we halkara derejede köp tankytlar bilen ýüzbe ýüz boldy.