Ruhani:Amerikanyň Eýrana garşy duşmançylygynyň geçmişinde häzirki derejede ýeke galmagy taýsyzdir
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani Amerikanyň Eýrana garşy duşmançylygynyň geçmişinde Waşingtonyň häzirki derejede ýeke galmagy mundan ozal görülip eşidilen däldir diýip nygtady.
prezident Ruhani şu gün Birleşen Milletler Guramanyň 74-nji ýyllyk umumy maslahatyna gatnaşmak üçin Tehrandan Nýu-Ýorka tarap ýola düşmezden ozal Mehrabad howa menzilinde habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky Eýranyň jogapkärçilikleriniň azaldylmak meselesinde ýurtlaryň köpüsi Amerikany ýazykly bilýändirler we hatda Amerikanyň bu barada Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň maslahat geçirmegi barada bildiren islegine biparh çemeleşýärler diýip yglan etdi.
Eýranyň döwlet baştutany Amerikanyň Eýran milletiniň tersine ýola berip duran zalymlykly gadaganlyklaryny Waşingtonyň ugurynyň çaşmagynyň nyşany bilmek bilen Eýran milleti duşmanlaryň bu hilli gadaganlyklarynyň garşysynda berk durandyr diýip beýan etdi.
prezident Ruhani şeýle-de Eýranyň Birleşen Milletler Guramanyň umumy ýygnagynda Hormoz barlyşyk taslamasyny öňe sürjekdigine yşarat edip bu taslama Eýranyň sebitde uzak möhletli parahatçylygyň we barlyşygyň yzyndadygyny bütin dünýäniň gulagyna ýetirer diýip yglan etdi.