Musawi:Eýran adam hukukyna baha bermekde kesekileriň tapşyryklaryna mätäç däldir
(last modified Mon, 23 Sep 2019 12:52:25 GMT )
Sep 23, 2019 17:52 Asia/Ashgabat
  • Musawi:Eýran adam hukukyna baha bermekde kesekileriň tapşyryklaryna mätäç däldir

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Ýewropa parlamentiniň Eýranyň tersine çykaran kararyna gaýtawul berip Eýran adam hukukyna üns bermekligi özüniň kanuny we şergy borjy bilýändir we onuň üçin kesekileriniň duşmançylykdan berýän tapşyryklaryna mätäç däldir diýip yglan etdi.

Ýewropa parlamenti geçen penşenbe güni çykaran kararynda Eýranyň adam hukukyny aýak aşaga salmakda aýyplady.

Amerika döwleti özüniň ykdysady terrorizmi bilen 80 milliondan eýräk Eýran milletiniň hak hukukyny aýak aşaga salyp duran ýagdaýynda Ýewrop parlamenti hakykatdan daş bolan özüniň bir taraplaýyn karar hatynda Eýrany aýyplaýandyr diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi aýtdy.

Musawi şeýle-de Ýewropa parlamentiniň çykaran bu kararyny bu parlamentiň täze wekilleriniň Eýran baradaky hakykatlardan habarsyzdyklarynyň nyşany bilmek bilen olar nädogry maglumatlara we media serişdeleriň ýaýratýan myş myşlaryna esaslanyp bu karar haty çykarandyrlar diýip sözlerine goşdy.

Tags