Salami:Ýemeniň Ansarolla hereketiniň häzirki kuwwatlylygyny ynanmak duşmana kyn gelýändir
yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň baş serkerdesi Saud Bileleşiginiň garşysynda Ýemeniň ilatynyň çydamyna yşarat edip Ýemeniň Ansarolla hereketiniň häzirki kuwwatlylygyny ynanmak duşmana kyn gelýändir diýdi.
yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň baş serkerdesi serdar serleşger Hoseýn Salami şu gün Tehranda beren gürrüňlerinde Ýemeniň Ansarolla hereketiniň ýokary derejedäki kuwwatlylygy duşmany aňk edendigine yşarat edip Ýemenliler Arabystanyň ARAMKO nebit gurluşyklaryna hüjüm edendigini yglan etselerde emma duşmanlar ýalňyşyp ýada ýamanlyk ýüzünden Eýrany bu meselede aýyplaýandyrlar diýdi.
Ýemeniň goşuny we halyk komitetleriniň uçarmansyz uçarlar birligi 14-nji Sentýabrda Arabystanyň Ýemende baş goşýan jenaýatlarynyň gaýtawulynda 10 sany uçarmansyz uçar bilen Arabystanyň milli nebit şereketiniň Bagyk we Hariz nebit arassalaýan gurluşyklaryny hüjüm astyna aldy.
bu operasiýanyň yzy bilen Arabystan bilen Amerika Eýrana garşy esassyz aýyplamalaryny we toslamalaryny gaýtalap bu işiň aňyrsynda Eýran ýatandyr diýip yglan etdiler