Ruhani: bergili tarap Amerikadyr
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Amerika döwletiniň Birleşen Milletler Guramanyň rezolýusiýalaryny äsgermezlik etmegi we ygraryndan dänmegi baradaky hereketlerine yşarat edip bergili we top erkinde bolan tarap Amerikadyr diýdi.
şu gün ikindin Nýu-ýorkda prezident Hasan Ruhani Amerikanyň ABC tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde sebitdäki menjeşikleriň köpelmegi we ýemeniň ýagdaýnyň erbetleşmegi barada ara atylan soragyň jogabynda men hem şeýle pikir edýärin we erbeträk ýagdaýa tarap hereket edip barýandyrys we onuň çäresi hem menjeşikleriň we dawalaryň köküni gurytmakdyr diýdi.
prezident Ruhani şeýle-de Arabystanyň nebit gurluşyklaryna garşy amala aşyrlan hüjümde Eýranyň aýyplanmagy baradaky toslamany berk ret etmek bilen bir wagtda Amerika we Ýewropanyň 3 ýurdyndan sebiti gözegçilk edýän emeli hemralary arkaly ellerinde bar bolan senetleri ileri sürsünler we başga bir ýurdy aýyplamagy taşlap şu mesele barada gazawatçylyk etmegi dünýä ähline tabşyrsynlar diiýp nygtady.