prezident Ruhani Ermenistana sapar edýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6054-prezident_ruhani_ermenistana_sapar_edýär
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Ermenistanyň prezidentiniň resmi çakylygy boýunça duşenbe güni bu ýurda sapar edýär.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Sep 29, 2019 16:37 Asia/Ashgabat
  • prezident Ruhani Ermenistana sapar edýär

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Ermenistanyň prezidentiniň resmi çakylygy boýunça duşenbe güni bu ýurda sapar edýär.

Eýranyň prezident gullugynyň maglumat ýetiriş işleri boýunça jogapkäri Parwiz Ismaeili prezident Hasan Ruhaniň Ýewraziýanyň ykdysady bileleşiginiň başlyklar maslahatyna gatnaşyp bu maslahatda gürrüň bermek üçin Ermenistana sapar edýänligini aýtdy.

Eýranyň döwlet baştutany bu maslahatda gürrüň bermekden we Eýranyň Ýewraziýanyň ykdysady bileleşigi bilen söwdalaşmak ukyplaryny we başarnyklaryny açyklamakdan aýry Ermenistanyň premýer ministri we aýry jogapkärleri bilen iki taraplaýyn duşuşyklary geçirer diýip Ismaeili beýan etdi.

prezident Ruhani şeýle-de sişenbe güni geçiriljek Ýewraziýanyň ykdysady bileleşiginiň başlyklar  maslahatyň ýanynda bu maslahata gatnaşan kä ýurtlaryň başlyklary bilen duşuşyp özara gyzyklanma bildirýän mowzuklar hem-de sebitleýin we halkara möhüm meseleler barada gürrüň eder diýip Ismaeili sözlerine goşdy.