Zarif:Amerikalylar Eýran bilen gepleşik geçirmegi isleýän bolsalar öz jogapkärçiliklerinde tapylsynlar
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Tehranyň hiç haçan Eýran ilatynyň ykdysadyýetini we gelejegini Tramp bilen formalite duşuşmaklygyň pidasy etmejekdigini aýdyp Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň nygtaýyşlary ýaly egerde Amerikalylar Eýran bilen gepleşik geçirmekligi isleýän bolsalar öz borçlarynda tapylyp gadaganlyklary ýatyrmalydyrlar diýdi.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Zarif Nýu-Ýorka bolan 9 günlük saparynyň soňunda habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Eýran hiç haçan öz wadasynda durmaýan ýurt bilen gepleşik geçirjek däldir diýdi.
Eýranyň daşary işler ministri şeýle-de Eýran bilen Arabystanyň gatnaşyklaryndan we Hormozyň barlyşyk taslamasy barada gürrüň gozgap Eýranyň ileri süren bu ýaraş çäresi Arabystanyň Umyt Bileleşigine birikmegi üçin iň gowy pursatdyr diýdi.
Zarif şeýle-de Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisiniň hal ýagdaýyny soramaga Amerikalylaryň rugsat bermändiklerinden soň internet arkaly onuň halyny sorady.Majid Tahytrawançi durmuşda Nýu-Ýorkda bir hassahanada ýatandyr.
Amerikanyň daşary işler ministrligi geçen juma güni beren habarynda Waşington diňe Eýranyň tarapyndan Amerikaly bir raýatyň azat edilen ýagdaýynda Eýranyň daşary işler ministri Zarifiň bu ýurduň BMG-syndaky ilçisiniň halyny soramagyna rugsat berjekdir diýip yglan etdi.