Musawi: howpsuzlygy satyn alyp bolmaýanlygyny sebit ýurtlary bilsinler
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Tehraniň , sebit ýurtlary arkaly sebitde howpsuzlygyň berkarar bolmagyny isleýändigini aýdyp sebit ýurtlary , howpsuzlygy satyn alyp bolmaýandygyny bilmelidirler diýdi.
Seýed Abbas Musawi şu gün içerki we daşary ýurtly habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde , Eýran sebitde ýaraşyk, howpsuzlyk, durnuklylyk we ösüşiň bolmagyny isleýär, bu zatlary bolsa daşardan satyn alyp bolýan däldir eýsem bu mesele sebit ýurtlaryň hyzmatdaşlyk etmekleri bilen bolýandyr diýdi.
Musawi, Eýranyň tarapyndan Ýemene ýarag iberilmegi barada Arabystanyň ara atýan toslamasy hakda berilen soraga jogap bermeginde hem , ýemen güýçli gurşalandyr, hatda ynsansöýerkömekleri hem olara iberip bolmaýar şonuň üçin bu hili toslamalar puç we ýalandyr diýip sözlerine goşdy.