Ruhani: duşmanlaryň basyşlaryna garamazdan Eýran milletiniň gudraty artandyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6073-ruhani_duşmanlaryň_basyşlaryna_garamazdan_eýran_milletiniň_gudraty_artandyr
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani duşmanlaryň Eýran milletine berýän basyşlaryna yşarat edip bir ýarym ýyl yzygiderli ykdysady agramlaryň berilmeklerinden soňra Eýranyň beýik milletiniň gudraty we orunmertebesi artyp ýokarlanandyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 02, 2019 16:24 Asia/Ashgabat

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani duşmanlaryň Eýran milletine berýän basyşlaryna yşarat edip bir ýarym ýyl yzygiderli ykdysady agramlaryň berilmeklerinden soňra Eýranyň beýik milletiniň gudraty we orunmertebesi artyp ýokarlanandyr diýdi.

prezident Hasan Ruhani şu gün döwlet toparyň maslahatynda beren gürrüňlerinde Amerika, Eýrana iň güýçli ykdysady agramlaryny berip Eýrana garşy gadaganlyklary amala aşyryp, Eýrana urgy urmak üçin we bank işlerde kynçylyklary döretsede emma netije alyp başarmady diýdi.

Ruhani, Eýranyň ykdysady ýagdaýnyň bir ýyl mundan ozala görä gowlaşandygyny nygtap Eýranyň merkezi bankynyň beren hasabaty boýunça ýurdyň milli pulynyň gymmaty geçen ýyla görä 40 göterim ýokary galandyr diýdi.

prezident Hasan Ruhani , Birleşen Milletler Guramanyň baş assembleýasynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Nýu-ýork şäherine eden saparyna hem yşarat edip egerde milletiň çydamy ykdysady ölçeglerden durnuklylygyň dowam etmegi we Eýranyň ýaragly güýçleriniň gudraty bolman bolsady yslam Eýranyň prezidentiniň otagynyň yzynda hatarlanyşyp durulmardy diýip sözlerine goşdy.