Zarif: goňşylar bilen gatnaşykda bolmak Eýranyň gün tertibindedir
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif goňşylar bilen saklanylýan gatnaşyklaryň ösdürilmegi , Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynyň başynda durýar diýdi.
şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Tehranda yslam şura mejlisiniň wekilleriniň ýygnagynda beren gürrüňlerinde , Eýranyň Owganystan,Pakistan, Orsýet, Türkiýe we Katar ýurtlary bilen saklaýan gatnaşyklary şu wagta çenli şu hili gowy bolan däldir diýdi.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif, Eýranyň Owganystan we Pakistan bilen saklaýan gatnaşyklaryny strategik wasp edip Eýran sebitde hiç bir ýurda terrorçylaryň şol ýurdyň topragyndan öz bähbitleri ugrunda haýyrlanmaklaryna rugsat bermeýär diýdi.
sebitiň ýaşulylaryndan , dini ýolbaşçylardan şeýle-de deputatlardan , terrorçylykly hüjümleriň azalmaklary ugrunda haýyrlanylmagy gereklidir diýip Eýranyň daşary işler ministri sözlerine goşdy.