Musawi: Eýran hemişe Yragyň döwletidir milletiniň ýanynda boljakdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6103-musawi_eýran_hemişe_yragyň_döwletidir_milletiniň_ýanynda_boljakdyr
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi soňky wagtlarda Yrakda bolan wakalara yşarat edip Eýran hemişe yragyň döwletidir milletiniň ýanynda boljakdyr diýdi.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Oct 06, 2019 18:17 Asia/Ashgabat

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi soňky wagtlarda Yrakda bolan wakalara yşarat edip Eýran hemişe yragyň döwletidir milletiniň ýanynda boljakdyr diýdi.

Yragyň käbir welaýatlary şol sanda Bagdad, soňky günlerde arzaly çykyşlara şaýat bolýandyrlar.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi şu gün iranpress habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Yrak milletiniň mundan ozal hem dartgynlylyklara gabat gelendigini aýdyp bu gezek hem Yragyň toparlarynyň we syýasy partiýalarynyň birleşikde we ýürekdeşlikde bolmaklary bilen olaryň kynçylyklary çözüljekdir diýdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi soňky günlerde Yrakda bolan arzaly çykyşlaryň sebäplerine yşarat edip Yragyň batyr we pähimli ilaty bu gezek hem bu kynçylyklardan üstünlikli geçjekdiler diýdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi kesekileriň Yragyň işlerine gatyşmaklarynyň bu ýurdyň ilatynyň kynçylyklarynyň çözülmeklerine kömek etmeýändigini aýdyp Yragyň döwleti öz ilatynyň isleglerinden habarlydyr we olaryň isleglerine ýetişiklik etmeginiň yzyndan bolýandyr  diýip sözlerine goşdy.