Mertebesi Belent Ýolbaşçy: nebite daýanýan ykdysadyýetden geçilmelidir
Eýran Yslam respublikasynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri , Ymam Humeýni Hezretleriň adyny göterýän huseýniýede Eýranyň atom tehnologiýalar sergisini ýakyndan baryp gören mahaly beren gürrüňlerinde nebite daýanýan ykdysadyýetden we onuň medeni yzygelimlerinden geçilmeginiň gereklidigini nygtadylar.
Eýran Yslam respublikasynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri ýaňky seginiň 30 otagyny ýakyndan baryp görmeginden aýry Eýranlylaryň söwda proýektlerinden we ylymdyr tehnologiýa ugurdaky soňky üstünlilerinden hem habarly boldylar.
şu günki setgide Eýran Yslam respublikasynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri ýaşlaryň aýdan kynçylyklarynyňbirisi şudyr welin käbir wagtlarda olaryň öndürýän harytlary döwlet tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýändir, bu zat bolsa nebite daýanýan ykdysadyýetiň medeniýetinden gözbaş alýandyr we şeýle ýalňyş garaýyşlar dözeldilmelidir diýip sözlerine goşdylar.
Eýran Yslam respublikasynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri yslam Eýranyň prezidentiniň ylmy we tehnologiýa işler boýunça orunbasaryna garap hem aktiw bolýan ýaşlaryň garşysynda şeýle böwetleriň bolmagyna rugsat bermäňiz, şu ugurda başardygyňyzdan tagalla edip , men hem başardygymdan kömek etjekdirin diýdiler.