beýik liderimiz:Eýran ýadro bombany öndürip ony ammar etmäge çykdaýjy etmez
Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy ýadro bombany ulanmagyň şerg taýdan haramlygy barada Eýran Yslam Respublikasynyň berk we batyrgaýlykly boluşyna yşarat edip Eýran ýadro bombany öndürmek we ony ammar etmek üçin çykdaýjy etmez diýdiler.
şu gün Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi hezretleri ýaş saýlananlaryň we ýokary ylmy zehinli adamlaryň 2 müňsiniň duşuşygynda beren gürrüňlerinde biz ýadro ýaragy öndürip ammar etmek ugurda ädim ädip bilýän bolsakda emma yslamyň hökümi esasynda ýadro ýaragyň ulanylmagyny şerg taýdan haram yglan etdik şoňa görä düýbinden haram yglan eden ýaragymyzy öndürip ammar etmek üçin çykdaýjy etmäge hiç hilli delil ýokdyr diýip beýan etdiler.
Aýatolla Hameneýi hezretleri şeýle-de kyn meýdanlarda şol sanda duşmanlaryň hormat sylagyny yzyna tirkän ylmy meýdanlara girmek üçin ählilere gujurlylyk bermek yslam ynkylabynyň hünärlerindendir diýmek bilen hem-de bu ugurda ýurduň bir näçe ylmy buýsançlaryny sanap geçmek bilen ýurduň dürli bölümlerinde ylmy ukyplaryň işe alynmagy goranyş kuwwatlylygyň pugtalanmagyna,derman we öňde baryjy lukmançylyga we keselleriň kotrol edilmegine,inženerlik tehniki meselelere,daşky gurşaw tehnologiýasyna we nano tehnologiýasy bilen dowamly önümleri öndürmek şeýle-de ýaraşyk ugurly ýadro tehnologiýasyna sebäp bolandyr diýdiler.
Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Eýranyň ylmy ösüşiniň dowamly bolmagyny dünýäniň ylym kerweniniň çalt barýan ýagdaýynda diseň gerekli bildiler.
hezlertleri ýygitleriň ukyblaryna we özlerine bolan ynamlaryna yşarat edip her bir saýlanan ýigit Eýranyň teniniň bir bölegidir we ukyply ýigitleriň kynçylyklaryny çözmek üçin bu ugurda strategiýa senedi ýerine ýetirip çynlakaylyk bilen yzarlamalydyr diýip beýan etdiler.