Eýranyň nebit daşaýan bir gämisi gyzyl deňizde hadysa uçrady
Eýranyň SABITI adly nebit daşaýan gämisi şu gün irden gyzyl deňizinde hadysa uçrady.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Saud Arabystanyň Jadda portynyň bir ýüz kilometr golaýynda gyzyl deňizinde Eýranyň nebit çekýän bu gämisiniň urulyp hadysa uçramagyna gaýtawul görkezmek bilen bu işiň bütin jogapkärçiligi şol sanda nebitiň syzyp deňizi hapalamagynyň jogapkärçiligi ony ýola beren tarapyň üstünedir diýip yglan etdi.
bu gämide ýüze çykan partlamanyň oňa raketanyň degmegi netijesinde bolmagy mümkindir diýip Musawi aýtdy.
deslapky barlaglardan belli bolşyna görä,şu gün irden gyzyl deňizinde halkara koridordan geçip barýan mahaly ýarym sagatyň boýunda iki sapar urlandyr diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili aýtdy.
bu hadysanyň jikme jigi barlanyp durulandyr we belli bir netijä ýetileni soň ol köpçülige ýetiriler diýip Musawi sözlerine goşdy.habarlarda gelişine görä,bu partlamanyň terrorçylykly hereket bolmagyda mümkindir.