Aýatolla Hatami:Amerika,Britaniýa we Sionist režimi Yragyň soňky bulagaýçylyklarynda ýazyklydyrlar
(last modified Fri, 11 Oct 2019 12:51:58 GMT )
Oct 11, 2019 17:51 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Hatami:Amerika,Britaniýa we Sionist režimi Yragyň soňky bulagaýçylyklarynda ýazyklydyrlar

Tehranyň juma namazynyň hatyby Yragyň soňky bulagaýçylyklarynda Amerika,Britaniýa we Sionist režiminiň elleri bolandyr diýip yglan etdi.

Aýatolla Seýed Ahmet Hatami şu gün Tehranyň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde Yragyň soňky bulagaýlyklarynda onlarça adamyň ölmekleri ýa-da ýaralanmaklary üçin gynanç bildirmek bilen protestçileriň  özleriniň gün oňşygklary barada bildirýän islegleri Yragyň premýer ministri we beýleki resmileriniň aýtmaklaryna görä ber hak islegdir diýip beýan etdi.

yza galak arap režimleri,Yragyň Baas režiminiň we partiýasynyň galan gaçyndylary we Amerika,Britaniýa we Saud režimine degişli media serişdeleri bu protestleriň ýaýbaňlaşyp bulagaýçylyga öwürilmegine sebäp boldylar diýip Tehranyň juma namazynyň hatyby aýtdy.

Aýatolla Hatami sözüniň dowamynda Yragyň duşmanlary bu wakadan özleriniň şum maksatlaryny yzarlaýandyrlar diýmek bilen duşmanlar Yrakda bulagaýçylyk döredip kä maksatlary şol sanda Arbaein ýörişine gatnaşýan ilatyň ýüreklerine gorky salmak şeýle-de Eýran bilen Yrak milletleriň arasynda jydalyk oklamak bolandyr diýip nygtady.Amerika bilen Sionist režimiň haram islegleri bilen tersleşen Yrakly resmilerden ar almaklyk bu bulagaýçylygyň beýleki maksatlaryndan bolandyr diýip Aýatolla Hatami aýtdy.

ol şeýle-de Eýran Türkiýeli harbylaryň Siriýanyň topragyndan çykmaklaryny nygtaýandyr diýmek bilen Türkiýe döwletine ýüzlenip Amerikanyň nökeri bolan Arabystan döwleti durmuşda Ýemen batgasynda batandyr diýip aýtdy.