Şamhani: halkara suwlarda bolýan bozgakçylyklar jogapsyz galmaz
Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Gyzyl deňzde Eýranyň nebit daşaýan gämisine edilen hüjümiň gaýtawulynda deňiz garakçylygy we halkara suwlarda bolýan bozgakçylyklar jogapsyz galmaz diýdi.
Eýranyň nebit çekýän Sabity gämisine düýn ertir bilen gyzyl deňiziň gündogarynda iki gaýtar raketa bilen hüjüm edilendir.
Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani şu gün eden çykyşynda şol hüjümiň söwda edýän gämileriň gatnawlarynda amansyzlyk bolmagy maksady bilen bolandygyny aýdyp wideo suratlaryň barlanylmaklary we aňtaw şaýatlyklar boýunça bu howply işiň asly maglumaty ele gelendir diýdi.
Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani şeýle-de öjükdiriji işleriň yzygelimleriniň jogapkärçiligi , şeýle taslamalary düzýän olary ýola berýän we bu hili işlere arka bolýan taraplaryň üstünedir diýip sözlerine goşdy.