Mertebesi belent ýolbaşçy: Ýemen urşynyňdogry suratda gutarmagy sebitde gowy täsirleri galdyrar
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri ýekşenbe güni ikindin Pakistanyň premýer ministri Emran Hanyň duşuşygynda Eýran Yslam respublikasynyň ýemen urşyna çäre görmek ugurda 4 maddaly bir taslamany ençeme wagt mundan ozal taýýarlandygyna yşarat edip egerde ýemen uruşy dogry suratda gutarsa bu mesele sebitde gowy täsirleri galdyrar diýip ynam bildirdiler.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri bu duşuşykda Eýran bilen Pakistan ýurtlarynyň we ilatlarynyň arasyndaky baglanyşyklary çuň we öwgä laýyk bilmek bilen iki ýurdyň aragatnaşyklaryny ösdürmek ugurda arada bar bolan potensiallaryň işe alynmagyny nygtadylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi HezretleriEýran bilen Pakistan milletler arasyndaky çuň baglanyşyklardan mysallary getirip Eýranyň Pakistana bolan garaýşy goňşylygynda ýerleşen bir dogana bolan garaýşydyr diýip beýan etdiler.
iki ýurdyň arasyndaky taýsyz pursatlara laýyklykda Eýran bilen Pakistanyň ragatnaşyklary häzirki derejeden has gyzgynlyrak we ortak serhetleriň howpsuzlygy has gowrak bolup biler we iki ýurdyň arasynda ýatyrlan programmalar şol sanda gazgeçiriji turba ýoly kämil edilmelidir diýip Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri nygtadylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretlerişeýle-de Aziýanyň günbatarynda howpsuzlygy we parahatçylygy berkarar etmekde Pakistanyň bildirýän howatyrlanmalaryny gadyrlap sebitde şol sanda Yrakda we Siriýada terrorçy toparlara goldaw bermekde kä ýurtlaryň oýnaýan ýaramaz rollaryna hemmeleriň esewan bolmaklaryny nygtadylar.
biziň bu döwletler bilen duşmançylyk etmäge höwesimiz ýokdyr ýöne olaryň özleri Amerikanyň yradasynda bolup Eýranyň tersine Amerikanyň bildirýän isleglerine laýyk amal edýändirler diýip Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri sözlerine goşdylar.
bu duşuşykda Pakistanyň premýer ministri Emran Han hem öz ýurdy bilen Eýranyň arasyndaky baglanşygy dostlukly-doganlykly bilmek bilen Tehran bilen Yslamabadyň arasyndaky aragatnaşyklar ýaýbaňlaşmalydyr we biz Eýran bilen saklaýan arabaglanşyklarymyza ýörite baha berýändiris sebäbi Eýran ýurdyny özümiziň bir möhüm söwda şärigimiz bilýändiris diýip yglan etdi.