Larijani: Yragyň ösüşi we howpsuzlygy Eýrana gaty peýdalydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6172-larijani_yragyň_ösüşi_we_howpsuzlygy_eýrana_gaty_peýdalydyr
Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygy Yragyň ösüşiniň we howpsuzlygynyň Eýran üçin köp bähbitlidigini aýdyp käbir ýurtlar Yragyň durnuklylygyny islemeýärler diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 16, 2019 16:41 Asia/Ashgabat
  • Larijani: Yragyň ösüşi we howpsuzlygy Eýrana gaty peýdalydyr

Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygy Yragyň ösüşiniň we howpsuzlygynyň Eýran üçin köp bähbitlidigini aýdyp käbir ýurtlar Yragyň durnuklylygyny islemeýärler diýdi.

şu gün Ali Larijani Serbiýanyň paýtagty Belgrad şäherinde geçirilýän bütindünýä mejlislera bileleşiginiň 141-nji maslahatynyň ýanynda Yrak parlamentiniň daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Sherko Merwaes bilen geçiren duşuşygynda Yrakda täze syýasatlaryň başlan mahalyndan bäri käbir ýurtlar oňa garşy çykandyrlar we terrorçy toparlary Yraga tarap ýollandyrlar diýip nygtady.

Larijani sözüniň dowamynda Yrakda Eýranyň harbysy ýokdyr we bu ýurdyň işlerine gatyşmaýar diýmek bilen terrorçy DAEŞ toparynyň Yraga hüjüm eden mahalynda Yrak döwleti Eýrandan kömek sorady we Tehran hem Yragyň kömegine barandyr diýip yglan etdi.