Ruhani: Eýran dürli ylymlarda ösendir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6173-ruhani_eýran_dürli_ylymlarda_ösendir
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýranyň dürli ylymlarda ösenligini aýdyp geçen 40 ýylda kynçylyklaryň şol sanda uruş we ykdysady basyşlaryň bolmagyna garamazdan ýokary okuw jaýlar öz borçlarynda gowlyk bilen tapylyp öz işlerini dogry ýerine ýetirendirler diýdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Oct 16, 2019 21:17 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran dürli ylymlarda ösendir

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýranyň dürli ylymlarda ösenligini aýdyp geçen 40 ýylda kynçylyklaryň şol sanda uruş we ykdysady basyşlaryň bolmagyna garamazdan ýokary okuw jaýlar öz borçlarynda gowlyk bilen tapylyp öz işlerini dogry ýerine ýetirendirler diýdi.

şu gün Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani ýurdyň barlaglar we tehnologiýa merkezleriniňwe ýokary okuw jaýlarynyň täze okue ýylynyň resmi tärde başlanmagy mynasybetli Tehran ýokary okuw jaýynda geçirlen dabarada beren gürrüňlerinde  bu günki gün Eýranyň ýokary okuw jaýlarynyň orun mertebeleri, sebite we hatda ösen köpçüliklere görä gowydyr we ylym-bilim ýerlikde gowy işler bolýandyr diýdi.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani dünýäniň durmuşky özgerişleriniň çalt bolýanlygyna yşarat edip Eýranyň ýokary okuw jaýlary öz okuwçylaryny gowrak geljek üçin terbiýelemelidirler diýip sözlerine goşdy.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani, Tehraniň dürli ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýdyp bu hyzmatdaşlyklar duşmanyň Eýrana hüjüm eden wagtynda yslam respublikasynyň dymyp oturmagy manysynda däldir diýip nygtady.